zaryn

[za:ry:n]

  1. Rehim indiriji, nalyşly, ýüregiňi gyýyp barýan.

  2. Naýynjar eşidilýän, gaýgyly.

    • Aýsoltanyň degişmesine düşünmedik Begenjiň sesi zaryn çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Daşarda ýazyň parç bolan gök otlarynyň üstünde bir ýerde ýigitleriň oturyp çalýan dutarlarynyň zaryn sesi ýaňlanýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)