zarp at

  1. Bir hereketiň güýji, bat, ýelgin.

    • Adalatsyz döwri köp gören çaglar, Saraldy, hor boldy ol gara baglar, Zarbymyzdan titräp, yranşyp daglar, Üstünden dumany aýrylsa gerek. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Urgy, zarba.

    • Men seni ýekeje zarba bilen ýere gömerin. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem zarp - zarbym, zarbyň.

zarp alamaty

Matematika, Könelişen söz Köpeltmek alamaty, belgisi.

zarp etmek

Matematika, Könelişen söz Sanlary biri-birine götermek, köpeltmek.