zarňyldatmak işlik

Zarňyldamagyna sebäp bolmak, zarňyldyly seslendirmek, zarňyldyly ses çykartmak.

  • Sandygyň agzyny zarňyldadyp açdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem zarňyldatmak - zarňyldadýar, zarňyldadar, zarňyldadypdyr.