zarňyldamak işlik

Zarňyldyly ses çykarmak, zarňyldyly seslenmek.

  • Ol şkaf bilen boýdaş bolup, onuň tahyllaryny çekende bolsa, onuň kaşaň simleri zarňyldady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Örän gurat, kirişleri zarňyldap duran dutar, eliňe alyp çalybermeli. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Diwardaky asma sagat yzly-yzyna ýedi gezek, zarňyldady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)