zar1

[za:r]

  1. Ahy-nala, zeýrenç, nalyş, dat-perýat.

    • Iwan Timofeýewiç Artygyň oglanyňky ýaly enaýy zaryny eşidende ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Mätäç, tapmaýan, ýetip bilmeýän.

    • Men iýmäge zar däldim, içmäge-de zar däldim. («Görogly» eposy)

    • Ilde ogluň dyrnagyna zar bolup ýörenler hem bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Balam, ol indi dynç almaga-da zar boldy -- diýip zeýrendi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol. (nakyl)

    • Öz arrygyny har eden kişi, arrygyna zar bolar. (nakyl)

zar çekmek

Birini görmek arzuwyny edip, zarynlap aglamak, ahy-perýat edip aglamak.

  • Ýene köp aşyk çekdi ah bilen zary, dilber. (Nury Annagylyç, Goşgular)

  • Gülaýym diýr, gördüm seniň zoruňy, Görenler çekerler seniň zaryňy. («Görogly» eposy)

zar2

[za:r]

Käbir atlaryň soňuna goşulyp, köplügi aňladýan goşulma.

  • Lälezar, gülzar.