zaman

[zama:n]

  1. Döwür, zamana, eýýam.

    • Häzirki zaman edebiýaty.

  2. Wagt, çag, mütdet.

    • Hoş gal, Gözel! Hat ýazyp dur her zaman, -- Seni çäksiz söýýän ýoldaşyň Aman. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Dünýäden bihabar, bigaýrat duşman, Bürgüt penjesine düşdi şo zaman. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  3. Grammatik termin Hereketiň bir wagta, ýagny öten, geljek, häzirki wagta degişliligini aňladýan işlik formasy.

    • Işligiň häzirki zaman formasy «-ýar, -ýer» goşulmasy, arkaly ýasalýar.