zalymlyk

[za:lymlyk]

  1. Rehimsiz hökümdarlyk, sütemkärlik.

    • Halk onuň körlügi üçin däl-de, zalymlygy üçin garşylyk görkezýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Doňýüreklik, ýowuzlyk.

    • Onuň ýönekeý sada gürrüňinde garaňky dünýäde höküm sürýän zalymlyk, deňsizlik şekillenýärdi. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

    • Heý, şeýle-de bir zalymlyk bolarmy? (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem zalymlyk - zalymlygy.