zalym

[za:lym]

  1. Hiç bir kanuny äsgermän, adamlary ezýän, adamkärçilik sypatyny ýitiren, ejizlere ganym, rehimsiz hökümdar.

  2. Rehimsiz, ýowuz, doňýürek.

    • Meret obanyň zalym baýlaryndan bular ýaly nejis işleriň ýüze çykjagyny başdan-da oslaman durmaýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Zalymyň -- zulumyndan, şermendäniň -- şerinden. (nakyl)