zabyrdamak işlik

  1. Wazlap çalt hereket etmek, dazlap gitmek, örän çalasyn gitmek, zabyrdyly seslenmek.

    • Ýatan ala ganjyk ok ýaly zabyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Agyr ýükli maşynlar zabyrdap geçýärdiler. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  2. Göçme manyda Agzy-agzyna ýetmän gürlemek, örän çalt geplemek, agzynyň ýetişip bildiginden geplemek.

    • Zabyrdap gürrüň etmek.

    • Zabyrdap kitap okamak.