zaýalatmak işlik

[za:ýalatmak]

  1. Bir zadyň zaýalanmagyna sebäp bolmak, bir zady zaýa etdirmek.

  2. Zyýan ýetirtmek, hatardan çykarmak, bozdurmak, döwdürmek.

  3. Ýoldan çykartmak, azdyrtmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem zaýalatmak - zaýaladýar, zaýaladar, zaýaladypdyr.