zähmet at

  1. Adamzadyň belli bir maksat üçin sarp edýän akyl hem-de fiziki güýji.

    • Azat bir durmuşda şol azat zähmet ýer ýüzünde döredipdir jenneti. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Dogrudan hem bu baldyrlaryň ýumry etleri zähmetde berkişdi ahyry. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Şunça zähmet bilen galdyran böwedini suw eýýäm ýykara getiripdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Azap, görgi, jebir, jepa.

    • Agşamky ýel adamlara zähmet beren bolmaga çemeli. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Çekseň zähmet, ýagar rähnet. (nakyl)

    • Zähmet soňy rähnet. (nakyl)