zäher at

  1. Öldürýän awuly madda, awy.

    • Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher. (nakyl)

    • Arynyň zäherin çekmedik, balyň gadyryn näbilsin. (nakyl)

  2. Göçme manyda Bir zadyň ajy, ýiti täsiri.

    • Durdymyradyň bolsa bu bolşy göreninden soň, içip oturan çaýy agzyna zäher ýaly degdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Sowuk ýeliň gar awusy Howada zäherin saçýar. (Çary Aşyr, Poemalar)

  3. Göçme manyda Bir zada gahar bildirilip aýdylýan gargyş söz.

    • Zäher etmändiris, utanmaýarmyň, özüňden ula jogap bermäge!

zäher gatmak

Şatlykly durmuşy, ýagdaýy we ş. m. örän gynançly hala öwürmek.

  • Gaýta ogluny urduň, atyny basyp aldyň, toýlaryna zäher gatdyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

zäheriňi pürkmek

Birine gazaplanyp, ýakmaz, ajy söz aýtmak, ajyňy pürkmek.

  • Sen maňa zäheriňi pürkme.