yzly-yzyna

[y:zly-y:zyna]

Biri-biriniň yzyndan, yzly-yzyndan, yzba-yz.

  • Yzly-yzyna birnäçe gün epgek össe, heniz eýikmedik gowaçany guratjakdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Yzly-yzyna çakýan ýyldyrymyň şöhlesi içeri düşýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Maşyndan yzly-yzyna üç adam böküp düşdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  • Awtobuslar wokzalyň öňünde yzly-yzyndan gelip gidýärdiler. (K. Işanow, Watan Üçin)