yzlaşyk

Yzan-çuwanlyk, eňreşik, aglaşyk.

  • Uly yzlaşyk turzyp duran güjüjekleriň keteginiň agzynda Wanýa otyrdy. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Onuň öýi uly yzlaşykdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Demirgazyk taýdan sürüli düýe uly yzlaşyk bolup ýetip gelýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem yzlaşyk - yzlaşygy.


Duş gelýän formalary
  • yzlaşyga
  • yzlaşygy
  • yzlaşykdy
  • yzlaşykdyr