yzlaşmak1 işlik

Yzan-çuwan bolmak, eňreşmek, aglaşmak, mäleşmek.

  • Mawy günaşyma giden goýun-guzy tapyşynda yzlaşýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Iliň näme, yzlaşyp goýun-guzysy, köşekli düýesi galjak gümany ýok. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Bu sese onuň aýallary, çagalary yzlaşyp howlynyň içine çykdylar. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

yzlaşmak2 işlik

[y:zlaşmak]

seret yzarlaşmak