yzgytsyzlyk at

[yzgy:tsyzlyk]

Rehimsizlik, zalymlyk, gaharjaňlyk, hyrsyzlyk, ýowuzlyk.

  • Diýmäýin diýsem, seniň okadygyňça yzgytsyzlygyň artýar. (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)

  • Arçynda şu günler bir yzgytsyzlyk bar welin, heý, sen goýaý! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem yzgytsyzlyk - yzgytsyzlygy.