yzarlamak işlik

[y:zarlamak]

  1. Bir zadyň yzy bilen ony agtarmak, yzyny ýitirmän tapjak bolmak, yzlamak.

    • Serhetçiler bar güýçlerini gaýgyrman, duşmanyň yzyny yzarlaýardylar. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Biriniň yzyna düşmek, birini aňtamak, nirede näme iş edýändigini bilmek, ýanamak.

    • Olar oba baryp, demirgazyga bakan giden «myhmanyň» yzyny yzarlamalydyrlar. (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)

  3. Bir zady barlamak, seredip, derňäp görmek.

    • Goňşy gelip goňşusynyň ýanyna, Gutlaýar guwançly, gysyp goluny, Kartada yzarlap ýeňiş ýoluny. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Ryza şa despotizminiň döremesini sahypa-sahypa yzarlap, ýadynda saklaýardy, Bir gapdalda oturyp, oýny höwes bilen yzarlap başlady başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Biz diňe bir adybir türkmen däl, uzakdan yzarlasak, daýy-ýegenlik ilteşigimiz-de bar. («Sowet Edebiýaty» gazeti)