yza at

[yza:]

  1. Ýiti agyry, ynjy.

    • Agyr ýaranyň ölüm yzasyny çekýär. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ilkibada Welmyrat ýaralarynyň yzasyna dözüp diş gysdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Jebir, sütem, azar.

    • Bir hili ýiti yza Enäniň ýüregine bazza basyldy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Olar hiç kime yza bermeýär.