yzçylyk

[y:zçylyk]

Yz tanajylyk, yzarlap bilijilik.

  • Çarynyň ýeke awçylykdan bolman, yzçylykdan hem habary bardy. (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)

  • Hal mergen, şu ýaşyna gelip, yzçylykda henize çenli ýalňyşan ýeri ýokdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem yzçylyk - yzçylygy.