yzçy at

[y:zçy]

Birini ýa-da bir haýwany yzy boýunça tanap bilýän adam, yzy boýunça yzarlap tapyp biliji.

  • Meşhur yzçyny getirip, gyzyň öýden çykyp giden yzyny alyp ugradylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Oraz, durma-da dor ýabyny mün-de, Gully yzçyny alyp gel! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gylyç mergen gaty yzçy adamdy, onuň öňünden yz gutulanokdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)