ysyrganmak işlik

[y:syrganmak]

  1. Ys alyp agtarmak, ysyny duýmak, ysgamak.

    • Ýaňyrak botlan düýe köşegini ysyrganyp, abşaryp dur. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Bir zat barada syr biljek bolmak, ysyrynjak bolmak.


Duş gelýän formalary
  • ysyrganardy
  • ysyrgandy
  • ysyrganjak
  • ysyrganmasyny
  • ysyrgansalar
  • ysyrganyp
  • ysyrganypdyr
  • ysyrganýan
  • ysyrganýanlygyndan
  • ysyrganýardy