ysgatmak işlik

[y:sgatmak]

Bir zadyň ysyny bildirmek üçin burnundan dem aldyrmak, ysgamaga bermek.

  • Doktor wagtal-wagtal derman ysgatmaga dowam edýär. (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)

  • Biri gök esgini tütedip, burnuna ysgatdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ysgatmak - ysgadýar, ysgadar, ysgadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ysgadan
  • ysgadar
  • ysgadyp
  • ysgadypdyr
  • ysgatdy
  • ysgatjak
  • ysgatmaga
  • ysgatmagyny