yrylmak işlik

  1. Bir zada ynandyrylyp razy edilmek, boýun edilmek.

    • Ejeligim yrlypdyr: öz perzendi bolmany üçin, onuň bagry awanok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Kemelmek, synmak, gowşamak, azalmak.

    • Seniň döwletiň yrylmasyn!

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem yrylmak - yrlar, yrlypdyr.