yramak işlik

Birini ýa-da bir zady silkeläp gymyldatmak, eýläk-beýläk itelemek, ýaýkamak.

  • Ýuwaşja ösýän şemal tokaýyň köp ýaşan mähnet agaçlaryny çalaja yraýar, pür-pudaklaryny silteýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Sona başyny yrap, çalaja jogap berdi. (G. Gurbansähedow, Hekaýa)


Duş gelýän formalary
  • yrady
  • yradylar
  • yragyn
  • yramak
  • yran
  • yranda
  • yrandy
  • yrandygyny
  • yrandyklaryny
  • yrandyr
  • yranlarymy
  • yranok
  • yranynda
  • yranyňda
  • yrap
  • yrapdyr-da
  • yrar
  • yraryn
  • yraýan
  • yraýanlygy
  • yraýanyň
  • yraýar
  • yraň