yralamak işlik

Birini ýa-da bir zady eýläk beýläk, çalaja itelemek, hereket etdirmek, silkelemek, ýaýkamak.

  • Şowlaýan şemal çölüň çöplerini yralap, pürlerdäki garlary çalaja eleýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aýal çagany dyzynyň üstünde yralap ýatyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)


Duş gelýän formalary
  • yralady
  • yralady-da
  • yraladym
  • yralamaga
  • yralamak
  • yralan
  • yralap
  • yralapdylar
  • yralapdyr
  • yralaýar
  • yralaýardy