ynsapsyzlyk at

[ynsa:psyzlyk]

Ynsaply dällik, wyždansyzlyk.

  • Ol özüniň ömründe şeýle kän ynsapsyzlyklar hem edendir. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Bu baryp ýatan ynsapsyzlyk! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Men onuň ýaly ynsapsyzlyk edip bilmen! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ynsapsyzlyk - ynsapsyzlygy.