ynjyklyk

  1. Sähelçe zada öýkelegenlik, ynjygyň ýagdaýy, dözümsizlik.

    • Biri-biriniň göwnün tapyp hemişe, teýe söz, ynjyklyk girmedi düýşe. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Gaty-gaýrym täsire çydamazlyk, näziklik.

    • Gowaçanyň ynjyklygy, azaby zähmeti hakynda aýdanlaryň dogry! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ynjyklyk - ynjyklygy.


Duş gelýän formalary
  • ynjyklygy
  • ynjyklygyny
  • ynjyklygyň