ynjyk

  1. Sähelçe zada öýkeleýän, göwnüne alýan, öýkelemek, dözümsiz.

    • Kerim biraz ynjyk hem öz düşünjesinde berk durýan ýigitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Men çagajykkam, öýde ýugurlyk un bolmasa-da, ynjyk ejemiň şol barada dädeme bir agyz söz aýdanyny eşiden däldirin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gaty-gaýram täsire çydamaýan, näzik.

    • Bu wagtyň içinde ol çaga ýaly ynjyk gowaçanyň häsiýetine diýseň belet boldy. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ynjyk - ynjygy.