ynjatmak işlik

  1. Biriniň göwnüni galdyrmak, göwnüne degmek.

  2. Haraplamak, zaýalamak, yslandyrmak (et, gök önüm hakda).

  3. Ezýet bermek, azap bermek, horlamak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ynjatmak - ynjadýar, ynjadar, ynjadypdyr.