ynjaltmak işlik

[y:njaltmak]

Birini rahatlandyrmak, ynjalykly etmek, köşetmek.

  • Bibiniň, Gandymyň gürrüňi Artygy birneme ynjaltdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ynjaltmak - ynjaldýar, ynjaldar, ynjaldypdyr.