ynjalmak işlik

[y:njalmak]

  1. Agyrydan, degen zarbadan rahatlanmak, köşeşmek.

  2. Birinden ýa-da bir zatdan arkaýyn bolmak, biri ýa-da bir zat barada alada, ünji etmezlik.

    • Habar tutup bilinse, ol ynjalyp ýatyp hem bilmezdi, gözlerine çiş kakylana dönerdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Men hem ynjalyp oturyp bilmän, garra kömekçi bolupdym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Birden ýagtylanyp ünjüli ýüzi, Ýatdy howsalasy, ynjaldy özi. (A. Kekilow, Söýgi)