Ynama mynasyp dällik, ynamy ödemezlik, ynamly dällik, ynamdan düşmeklik, ynançsyzlyk, ygtybarsyzlyk.
Göwnünde bir hili ynamsyzlyk dowam edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bag hakyndaky pikir has hem ynamsyzlyk döredýärdi. («Zähmet gahrymanlary»)
Pökgen aga, sen öz güýjüne ynamsyzlyk et-de, ýatyber! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ynamsyzlyk - ynamsyzlygy.