ylgaw

  1. Çalt ädim bilen ýortuş, çapuw (adam hakda).

    • Wah, biçäre, ýöräpjik gidäýmän, hanha ýene-de ylgawyna barýar! (D. Agamämmedow, Goşgular)

    • Ýoldaşlary ony görüp, ylgawlaryny batlandyrlar. («Zähmet Gahrymanlary»)

  2. Çapyşyk, ylgaşyk arkaly geçirilýän ýaryş.

ylgawyňy ýazman gitmek

Sagynman, durman ylgap gitmek.

  • Wepa ylgawyny ýazman, eýýäm tümmejikleriň arasynda ýitip gidipdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)