ylgatmak işlik

Ylgaw etdirmek, ýüwürtmek, çapdyrmak.

  • Bar-da, eşegi suwa ýak! -- diýip, Mämmet baý Gurbany iki ýana ylgadýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ylgatmak - ylgadýar, ylgadar, ylgadypdyr.