ykrar at

[ykra:r]

Wada, lebiz, äht, ähtibar.

  • Ýaşlaryň ykrarlarynyň sementli böwet ýaly sarsmazdygyny men ýagşy bilýärin. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ykraryňdan dänseň, ile meňzeş ölmersiň, zaňňar! («Görogly» eposy)

  • Ynsanmydyr ykraryndan, sözünden dänip her gün çar tarapa çapýanlar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

ykrar etmek

Dogry, hakyky diýip bilmek, tassyk etmek.