ykmanda yk‧man‧da

[y:kmanda]

  1. Öýsüz-ilsiz entäp ýören, sergezdan.

    • Ol «ykmanda» diýen lakamy bir ýerde mekan tutmazlykdan aldy. («Tokmak» žurnaly)

  2. Gepleşik dili Söw-söw syryp ýören, biderek entäp ýören, gezegen.

    • Elliň raýonda işlän wagty gören ýerden kowlup, ol işden-ol işe geçip ýören ykmandadygyny ozaldan mälimdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Menem bir gezip ýören ykmanda däl ahyry! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ykmandadygyny
  • ykmandaja
  • ykmandalar
  • ykmandalara
  • ykmandalardyr
  • ykmandalary
  • ykmandalarydyr
  • ykmandalaryň
  • ykmandalyk
  • ykmandanyň
  • ykmandaň