ykjatmak işlik

[y:kjatmak]

  1. Galgatmak, öwüsdürmek, ýelkildetmek.

    • Ol heniz gulpagyny örmän, arpa maýsasy ýaly ykjadyp ýörkä, oglum bolupdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Mylaýym bahar şemaly onuň egnindäki sal-sal bolup giden donuny ykjadyp biljek gümany ýok. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Bessir gyňajyny ykjadyp, uly gykylyk edip jaýa girdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Balkan daglarynyň üstüni syryp gelýän sowuk şemal Nurjahanyň mele sütük ýaglykdan çykyp duran gara zülpüni ykjadýardy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Bikär entetmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ykjatmak - ykjadýar, ykjadar, ykjadypdyr.