ykjaşmak işlik

[y:kjaşmak]

  1. Ygyşyp-durmak, ýeliň ugruna galgaşmak, ýelkildeşmek, ülpüldeşmek.

    • Gowaçanyň depesinde bolsa sarymtyl güller ykjaşýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Zülp ýerine goýberen topbak saçlar ykjaşýardylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir topar bolup bikär enteşip ýörmek, işsiz aýlanyşyp ýörmek, kaňkaşyp ýörmek.