yk yk

[y:k]

  1. Ýeliň ugry.

    • Tüsseler yga bakan hereket edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Şemalyň ygy bilen dymyljyk çyglygyň läbigiň ysy gelýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Jaýyň, haýatyň we ş. m. ýel, şemal degmeýän tarapy.

    • Bu wagt kontoranyň yk ýüzünde 4-5 sany ýaşuly bir ýaş ýigidiň okaýan gazetine daň salyp otyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem yk - ygym, ygyň.


Duş gelýän formalary
  • yga
  • ygam
  • ygy
  • ygym
  • ygyn
  • ygyna
  • ygynda
  • ygyndaky
  • ygyndan
  • ygyny
  • ygynyň
  • ygyň
  • ygyňa
  • ykda
  • ykdaky
  • ykdan
  • ykdy
  • ykdygy
  • ykdym
  • ykdyr
  • ykdyň
  • ykja
  • yklar
  • yklara
  • yklardan
  • yklary
  • yklaryna
  • yklaryny
  • yklarynyň
  • yklaryň
  • yklaýyn
  • ykly
  • yklydyr
  • yklygy
  • yklygyny
  • yklyk
  • yklykda
  • yklykdyr
  • yklylykda
  • yklym
  • yklyma
  • yklymda
  • yklymdan
  • yklymy
  • yklymydyr
  • yklymyň
  • yksyz
  • yksyzdyr