[ygtyýa:r]
Bir zada bolan erk, hak-hukuk, eýeçilik.
Ýeriň şeýle ygtyýaryny ele almak, diňe ýer ussatlarynyň işidir. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Biz Aýdurdyny öz ygtyýaryna goýmadyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Rugsat, jogap, mümkinçilik.
Ygtyýar berseňiz, jogapdan öňürti bir soragym bar! (Myraly)
Ygtyýar berseňiz, çaý oturdaýyn, stoluň üstüne saçak ýazaýyn! («Sowet edebiýaty» žurnaly)