ybarat

[yba:rat]

Bir ýa-da bir topar zatdan düzülen, emele gelen, bir topar zady öz içine alýan.

  • Sekiz adamdan ybarat döwekçiler brigadasy düzülip, brigadanyň ýolbaşçysy hem Sähet bellendi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bular bäş-on adamdan ybarat bir topar bolup barýardylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Ol, şol günäniň nämeden ybaratdygyny aňşyryp bilmedi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Olaryň kiçiräk, üç otagdan ybarat jaýy bardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • ybaratadyr
  • ybaratam
  • ybaratda
  • ybaratdy
  • ybaratdygy
  • ybaratdygyna
  • ybaratdygyny
  • ybaratdygynyň
  • ybaratdyklary
  • ybaratdyr
  • ybaratdyrlar
  • ybaratlygy
  • ybaratlygydyr
  • ybaratlygyny
  • ybaratmyş