Ýagtylyk, şöhle.
Daş-töweregi ýagtyldýan şöhleli energiýa, çyra.
Tamlaryň içinden yşyklar garaňkynyň içinde ýylp-ýylp görünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýanýar dumly-duşda al-ýaşyl yşyk, Ýüzüň ýelpäp geçýär salkynja şemal. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Onuň öýünde gijäniň ýarymynda soň hem yşyk görünýärdi.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem yşyk - yşygy.