yşk

Birine ýa-da bir zada bolan içki ýakynlyk duýgusy, söýgi, mähir.

  • Enelik mähridir mähirleň köşgi, Ene bolmadyklar bilmez bu yşky. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Däli-diwana men seniň yşkyňda. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

yşk hanjary

Yşkyň, aşyklygyň, söýginiň täsirli, ýiti duýgusy.

yşk ody

Birine bolan aşyklyk, güýçli söýgi.