yňdarylmak işlik

  1. Bir gapdan ikinji gaba goýulmak, dökülmek, agyp gitmek, ýykylmak, eňterilmek.

    • Eger Aýna oňa söýget berip durmadyk bolsa, ol ýene arkanlygyna yňdarylyp gitjekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Stol gymyldady welin, syýa çüýşe yňdarylyp gitdi.

  2. Bir zada ynanyp berilmek, yrylmak.

    • Mama Umsagüliň sözüne bütinleý yňdaryldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Bir ugra haýdalmak, sürülmek, gitmek.

    • Mähelle otly tolkun ýaly bolup, yňdarylyp barýardy. (M. Gorkiý, Ene)