weli1 baglaýjy kömekçi

Garşylygy görkezýän baglaýjy kömekçi.

  • Gyzlardan suw soradyk weli ynha şujagaz galmagal edip, düşübermezmi başymyzdan. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

  • Gutardym weli, ejem-kakamdan gaty gorkýan. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

weli2 at

[weli]

  1. Dindar, keramatly.

    • Öwladyň itini bihal görme, olar welidirler -- diýip, öz ata-babasynyň olary mugt ýerden ýallap gelenlerini ýadyna saldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Öňünden biliji, akyldar, köpbilmiş.