weýrançylyk

[weýra:nçylyk]

Köplenç hojalykda, ykdysadyýetde bütinleýin harap, zaýa edilmeklik, weýran edilmeklik, berbatçylyk.

  • Ol uruş odunyň ýeten ýerindäki weýrançylyklary onçakly akylyna getirip bimeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem weýrançylyk - weýrançylygy.