weç

  1. Tär, ýagdaý, alaç, ýol.

    • Ah çekip tapmady gitmäniň wejin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Zat, derek.

    • Men-a Jereni hiçbir weçden hem hasap edemok. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Aýnanyň soragy mama hiçbir weçden täsir etmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Maza, ugur.

    • Işdäsiniň hem, iýşiniň-içişiniň hem weçi bolmady. (B. Kerbabaýew, Çekişmän-Bekişmez)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem weç - wejim, wejiň.

wejiň gaçmak

Ugruň gaçmak, kuwwatdan düşmek.