waşyrdatmak wa‧şyr‧dat‧mak işlik

Waşyrdyly seslendirmek, waşyrdyly ses çykarmak.

  • Serdaryň uzadan turşy hyýaryny waşyrdadandan soň, Kelhanyň bogazy biraz giňedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Hümmet wolostnoý ýarty sogany waşyrdadyp çeýnärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem waşyrdatmak - waşyrdadýar, waşyrdadar, waşyrdadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • waşyrdadandan
  • waşyrdadyp