utgaşmak işlik

  1. Birikmek, birleşmek, goşulyşmak, sepleşmek.

    • Howlularyň ýeňsesi bolsa giň öri meýdanlary bolup, ýaýlyp ýatan Garagum bilen utgaşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol adamynyň ösgün saçlary sakgaly bilen utgaşypdyr. (A. Gowşudow, Eserler)

    • Onuň al-asmana utgaşan örküç-örküç gerişlerindäki, gojaman çal başlaryndaky gara bulutlar töwerege tiz ýaýrap, ýagyş has güýçli ýagmaga başlady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Dogry gelmek, gabatlaşmak.