usurgatmak u‧sur‧gat‧mak işlik

Çala uka giden ýaly etmek, ymyzgatmak (dürli sebäbe görä).

  • Ataýry ilki gelin bolup gelen günlerinde, Halnazar Mehinlini urup usurgatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Tüpeňiň gundagy bilen urup usurgadýardylar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem usurgatmak - usurgadýar, usurgadar, usurgadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • usurgadyp
  • usurgadýardylar
  • usurgatdy